21-nji dekabr gijesi tanymal belarus žurnalisti Nikita Melkozýorow aradan çykdy. Ol 37 ýaşyndady.
Melkozýorow "Durmuş-Malina" YouTube kanalynyň döredijisi bolup, ondan öň "Futbol barada ähli zat" we Goals.by/Tribuna.com neşirlerinde işläpdi.
Žurnalistiň ölümi baradaky habar onuň aýaly tarapyndan sosial mediada çap edildi.
Melkozýorowyň ölümi onuň kärdeşi Aleksandr Iwulin tarapyndan hem tassyklandy diýip, Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy habar berýär.
Melkozýorowyň ölüminiň jikme-jiklikleri we sebäbi entek belli däl.
Nikita Melkozýorow, ýüzlerçe beýleki žurnalistler ýaly, Belarusdaky yzarlamalar sebäpli Polşa göçüp gitmäge mejbur boldy.
Ol soňky ýyllarda Warşawada ýaşaýardy. Melkozýorow "Durmuş-Malina" YouTube kanalyny döredip, meşhur adamlar bilen dürli temalarda, şol sanda syýasat we sport guralan söhbetdeşlikleri çap etdi.
Şeýle-de, Melkozýorow belarus dilini wagyz edýän, Belarus taryhy barada gepleşik taýýarlaýan YouTube taslamasynyň döredijisidi.